ÝOKARY WE ÝÖRITE ORTA SAZÇYLYK, SUNGAT MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW GOLLANMASY NEŞIR EDILDI
Gadymy
döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan türkmen halkynyň aýdym-saz sungaty
özüniň çuň many-mazmunlylygy we çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýar.
Nesilden-nesle geçip, özüniň gymmatyny ýitirmän, şu günlere çenli gelip
ýeten halk-professional aýdym-saz sungaty häzirki döwürde has-da uly
ösüşe eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Türkmeniň
Şükür bagşy, Hally bagşy, Täçmämmet Suhanguly, Sary bagşy, Oraz Salyr,
Mylly aga, Magtymguly Garly, Sapar Bekiýew, Pürli Saryýew, Sahy
Jepbarow, Nurjemal Adyýewa, Çary Täçmämmedow, Ödenyýaz Nobatow, Gurt
Ýakubow, Nurberdi Gulow, Mustak Aýmedow, Ýagmyr Nurgeldiýew, Akjagül
Myradowa, Ilaman Annaýew kimin ussat bagşy-sazandalary köp. Nury
Halmämmedow, Daňatar Öwezow, Weli Muhadow, Çary Nurymow ýaly zehinli
kompozitorlarymyzyň her biriniň döredijiligi giden bir ummandyr. Olaryň
aýdýan aýdymdyr dessanlary, çalan we döreden sazlary halkymyza ruhy
goldaw berip, ýagty ertirlere ataryp geldi.»
Neşir edilen täze
okuw gollanmasy «Türkmen kompozitorlarynyň instrumental eserlerinde
sonata formasy» (awtory: R.Amangeldiýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat
gullugy) diýlip atlandyrylýar. Onda türkmen kompozitorlarynyň
döredijiliginiň özboluşlylygy, köptaraplylygy, tapawutly aýratynlyklary,
şahsylygy, dürli ugurlary, saz formasy boýunça öwrenilmäge mynasypdygy
bellenilýär.
Sazşynaslyk ylmynda forma meselesiniň aýratyn orny
eýeleýändigi hem bellärliklidir. Ol birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamynda
kämilleşip gelýär. Sonata formasynyň, dünýä saz medeniýetiniň taryhy
ýolundan belli bolşy ýaly, eseriň dramatik ýörelgesiniň özgerişi
babatynda, beýleki nusgawy gurluşlardan öňe gidijilikli ösüşi, içki
hereketi boýunça has işjeňligi, täsirliligi we dramaturgiýa babatynda
bitewüligi bilen tapawutlanýandygy beýan edilýär.
Okuw
gollanmasynda türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde sonata
formasynyň nusgawy-romantik görnüşi, türkmen kompozitorlarynyň
döredijiliginde sonata formasynyň baýlaşdyrylmagyna esasy ymtylyşlar
dogrusynda giňişleýin durlup geçilýär.
Türkmen kompozitorlarynyň
instrumental eserlerinde sonata formasynyň ulanylyşyny ýüze çykarmaga
bagyşlanylan bu gollanmada sonata dürli gurluş we perde-tonal
görnüşlerinde beýan edilýär. Şeýle hem soňky (geçen asyryň 80-nji
ýyllaryndan soňky) döwre degişli eserlerde ulanylan sonata formasynyň
nusgawy-romantiki däplerden daşlaşýandygy subut edilýär.
Okuw
gollanmasyndan ýokary we ýörite sazçylyk, sungat mekdepleriniň
talyplary, mugallymlary, saz sungaty bilen gyzyklanýan giň okyjylar
köpçüligi peýdalanyp bilerler.