BILIM IŞGÄRLERINIŇ ÝOKARY NETIJELI GEÇIRILEN HÜNÄR KÄMILLEŞDIRIŞ OKUWLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, pedagoglaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça möhüm wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 18-26-sy aralygynda Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny Döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda Hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň bilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň hünärini kämmilleşdirmek maksady bilen, Russiýa döwletiniň Tatarystan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny Döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlary geçirildi. Bu okuwlar ýokary guramaçylykly we gyzykly geçirilmek bilen, dil düzediş mugallymlara-defektologlara hünärini kämilleşdirmekde uly ýardam berdi. Okuwyň dowamynda russiýaly alym mugallymlar tarapyndan taýýarlanan okuw-usuly gollanmalar bilen ýakyndan tanşyldy, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli bolan çagalara bilim-terbiýe bermegiň inçe tilsimleri öwrenildi. Bu usulyýet tilsimleriň iş ýüzünde görkezilmegi has hem täsirli we ýokary netijeli boldy. Usuly-amaly okuwlarda mümkinçiligi çäkli çagalar bilen ýekebara işlemegiň dürli usullary görkezilip, diňleýjiler bilen işjeň sorag-jogap alyşmalar guraldy, birek-biregiň bu ugurdaky iş tejribeleri öwrenildi.
Russiýaly usulyýetçi alym, pedagogika ylymlarynyň kandidaty, dosent G.A. Hakimowanyň türkmenistanly pedagogik işgärlere öwreden täze ylmy-usuly maglumatlary has-da peýdaly we täsirli boldy. Tejribeli alymyň alyp baran hünär kämilleşdiriş okuwynyň örän ýokary derejede geçirilendigini hem-de onuň defektologlar, logoped terbiýeçiler üçin peýdaly bolandygyny bellemek gerek.
Hünär kämilleşdiriş usuly-amaly okuwlary örän täsirili we gyzykly geçiren russiýaly hünärmenlere türkmenistanly bilim işgärleri öz hoşallygyny bildirdiler hem-de öwrenen täze usullaryny geljekde alyp barjak okuw-terbiýeçilik işlerinde ulanjakdyklaryny ynandyrdylar.
Usuly-amaly okuwlary üstünlikli tamamlan türkmenistanly pedagogik işgärlere Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny Döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň degişli nusgadaky şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Okuwyň diňleýjileri usuly-amaly okuwlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim işgärlerine döredýän giň mümkinçilikleri dogrusynda buýsanç bilen nygtadylar. Pedagogik işgärler bu ugurda köp tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ili-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Patma GÖKBAÝEWA
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Tebigy
we takyk bilimleri bölüminiň uly ylmy işgäri