Ogulabat ejäniň nusgalyk ýoly
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly kitabynda mähriban Arkadagymyzyň käbesi ruhubelent, sagdyn nesli kemala getirmekde, türkmeniň milli däp-dessurlaryny nesilme-nesil dowam etdirmekde bitiren hyzmatlary, çaganyň ata-enesine, dogan-garyndaşyna, goňşularyna, dost-ýarlaryna bolan gatnaşygyny, ene topraga, Watana, il-güne bolan söýgüsini, edep-ekramlylyk we ahlak kadalaryny terbiýelemekdäki durmuş tejribesini giňden beýan etmek maksady bilen, 2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda sagat 15:00-da Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde ýolbaşçylaryň, mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Ogulabat ejäniň nusgalyk ýoly” atly onlaýn ylmy-maslahat çäresi geçirildi. Onlaýn maslahata birnäçe ýokary we orta hünär okuw mekdepleri sanly ulgamyň kömegi bilen onlaýn gatnaşdylar we geçirilen çäre boýunça öz pikirlerini beýan etdiler. Bu çärede Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň biziň ählimize nusgalyk zenanlaryň biridigi, şeýle-de ýaş zenanlarymyzy terbiýelemekde esasy orunlaryň birini tutýandygy barada nygtalyp geçildi. Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda gyzykly çykyşlar geçirildi.