Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Aşgabada sapar bilen geler`


Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Wu Won Syk parlamentiň ýolbaşçysy hökmünde ilkinji daşary ýurda saparyny amala aşyrar. Koreýanyň Parlamentiniň habar bermegine görä, jenap Wu Won Syk 9-njy oktýabrda Astana baryp, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, şeýle hem Gazagystanyň Mejlisiniň palatalarynyň başlyklary bilen duşuşyklary geçirer. 10-njy oktýabrda bolsa Gyzyl Orda syýahat eder we şol ýerde Ýaponiýa garşy göreşiň gahrymany general Hon Bom Donyň aramgähine baryp görer.

Habar berlişi ýaly, 14-nji oktýabrda Koreýanyň Parlamentiniň ýolbaşçysynyň Aşgabada sapary başlanar. Ol saparynyň çäklerinde birnäçe ýokary derejeli duşuşyklary geçirer, şeýle-de parlamentarileriň «Merkezi Aziýa + Koreýa Respublikasy» formatyndaky ikinji foruma gatnaşar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27